Şu gün Aşgabatda «Parahat-7» ýaşaýyş jaý toplumynda dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy boldy.Täze gurlan on jaýyň 6-sy 54 maşgala, galan 4-si 36 maşgala üçin niýetlenendir. Ýaşaýyş jaýyndaky her bir öý häzirki zaman derejesinde abadanlaşdyrylyp, gaz peçleri, mebeller, ýyladyş we sowadyş, yşyklandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendir. Täze jaýlaryň açylyş dabarasyna Aşgabat we şäher etraplarynyň häkimleriniň wekilleri, metbugat işgärleri, hormatly ýaşulular, ýaşaýjylar we myhmanlar gatnaşdy. Täze öýleriň eýeleriniň arasynda köp çagaly eneler hem bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir