Merkezi Aziýanyň we Mongoliýanyň medeniýetine bagyşlanan sergi Brýuselldäki Ýewropa bileleşiginiň Parlamentinde dowan edýär diýip, «Habar 24» ýazýar. Sergide ady agzalan sebitde we Mongoliýada ýaşaýan halklaryň durmuş däplerini alamatlandyrýan özboluşly gymmatlyklar ýerleşdirildi. Şeýle hem sebitiň we Mongoloiýanyň tebigy gözellikleriniň fotosuratlarydyr nakgaşlyk eserleri sergä bezeg berýär. Karsten Luke, ýewrodeputat: - Merkezi Aziýa – möhüm we janly sebit. Ýewropalylar üçin bu ýurtlar ýakyn hyzmatdaşlar bolmalydyr. Ýewropaly ýaşlaryň Merkezi Aziýany we Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň Ýewropany görmekleri, tanyşmaklary wajypdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir