Hindistanyň «Çandraýan-3» kosmos tutumy möhüm ylmy açyşyň öňüsyrasynda dur, ylmy-barlaglaryň netijeleri boýunça alymlar biziň planetamyzyň ýeke-täk tebigy hemrasynyň nädip emele gelendigini, şeýle hem Aýyň landşaftynyň we geografiýasynyň näderejede özgerendigini anyklap bilerler diýip, «Habar 24» ýazýar. Aýyň üstünde bolmagynyň dowamynda enjam ol ýerde günorta guşaklygyň topragyndan kükürt tapdy, şeýle hem alýumininiň, kalsiniň, demriň, hromuň, titanyň, marganesiň, kremniniň hem-de kislorodyň bölejikleri tapyldy. Aýda kükürdiň bardygy geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan bäri mälimdir, emma hünärmenler bu açyş Aýda haçan-da bolsa bir wagt suwuň we ekişe ýaramly topragyň bolandygyny ýene bir ýola subut edýär diýip hasaplaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir