Uzynada känindäki 11-nji täze gözleg guýusy açylyp, ilkinji önümlerini berdi. Uzynada baýlyklar käni Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyna degişli bolup, ol welaýatyň merkezi bolan Balkanabat şäherinden 74 kilometr günorta-günbatarda Hazar deňziniň ýalpaklygy bilen araçäkleşýär. Bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri tarapyndan 2015-nji ýylda täze guýynyň buraw-gazuw işlerine girişilip, 2017-nji ýylyň aprel aýynda üstünlikli tamamlandy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron saýtynda berilýän habara görä, günbatar sebitde geljegi uly bolan ojak hökmünde giňden adygan önümli kände «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň tejribeli hünärmenleriniň çeken irginsiz zähmeti ýerine düşdi. Olar gözleg guýusyndan nebit kondensatynyň we tebigy gazyň güýçli akymyny aldylar. Habarda bellenilişi ýaly, aşaky gyzyl reňkli gatlaklarda, 6726 – 6728 metr hem-de 6734 – 6736 metr ýerasty çuňluklardan senagat ähmiýetli uglewodorod akymynyň alynmagy bu baýlyklar käniniň gündogar böleginiň gorlaryny ýokary derejede kämil özleşdirmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda täze guýuda synag-sazlaýyş işleri ýokary hil derejesinde geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir