Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ýurduň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan, Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletiň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1301 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Raýatlyk almak üçin hödürlenýän adamlar 32 milletiň wekilleri bolup durýar. Şeýle-de Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryna ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 265 adama ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar dünýäniň 13 döwletiniň raýatlary we 25 milletiň wekilleridir. Bular barada şu gün Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli, 1301 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek baradaky Permana we 265 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakyndaky Karara gol çekdi. Şeýle-de mejlisde ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurtda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 29 müň 697 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigi barada aýdyldy. Mundan başga-da, bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli 4753 daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.