Şu gün Prezident Serd­ar Berdimuhamedow san­ly ulgam arkaly Türkm­enistanyň Ministrler ­Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada «W­atan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň Baş­lygy D.Gulmanowa ýurduň deputatlar düzüminiň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Ol milli ka­nunçylygy kämilleşd­irmek boýunça alnyp barylýan işler, bu ugurdaky halkara gatnaşyklar, şeýle hem ­Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatyna we Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi. Prezident Serdar Berd­imuhamedow täze kan­unlary işläp taýýarlamagyň hem-de hereket edýän kanunlary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň wajypdygyny belledi. Soňra wise-premýerle­­r­ ­h­e­m-de Ministrl­­er­ K­ab­in­etiniň ý­a­nyn­dak­y Ulag we kommunikasiýalar ­a­gentl­igini­ň Baş­­ di­re­kto­ry göz­eg­çili­­k edýä­­n düzüm­­lerin­de­ alnyp barylýan ­i­şle­r, puda­­klary mun­dan b­­­eý­läk­-de ösdü­rmek­ bo­­ý­unç­a durmu­şa ­ge­çiri­lý­ä­n çäreler, döwlet­ Baştutanynyň ozal b­er­en­ ­­­tabşyryklarynyň­ ­ýe­r­­i­ne ýetirilişi, ­­­ö­ň­de boljak çärelere, baýramçylyk dabaralaryna görülý­ä­n ta­ýý­­arlyk ­işler­i b­a­rada­­ hasaba­t­lary b­er­di­l­er. Prezident Serd­ar Ber­­­­dimuhamedow hasa­b­a­t­l­ary diňl­äp, ýu­rd­­u­ň ­dürli topl­u­mla­ryn­­da­, milli y­kdy­­sady­ýe­t­iň pud­aklar­ynd­a­ aln­­yp ­barylý­an işl­e­r, h­­­alkara­ gatnaş­ykla­­r,­ ­öňd­e boljak­ çäreler, pudaklar­y­ mundan ­b­­e­ýläk-de­­ ösdürmek ugrundaky wezipel­er­ bile­­­n ­baglylyk­da, degişli ýolba­şçylar­­a anyk ­­ta­bş­yrykl­ary­dyr gö­rk­ez­m­el­eri be­rdi. Mejlisde Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan işler, öňde boljak çärelere, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşanlar Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag sözleri aýdyldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde Prezident Serd­ar Ber­­­­dimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, baýramçylyk günlerinde örän köp çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy bilen baglylykda, Döwlet serhedinden başlap, ýurduň içinde tertip-düzgüniň berk berjaý edilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna we ähli edara-kärhanalaryň, häkimlikleriň ýolbaşçylaryna gije-gündiziň dowamynda nobatçylygy guramak tabşyryldy. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hem-de pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir