Şu ýylyň 10 — 25-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisi geçirilýär. Onuň barşynda Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda hödürlenen «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgütler biragyzdan kabul edildi. Şeýle-de «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi Türkmenistanyň tebigy baýlyklary we täsin ekologiýa ulgamyny aýawly saklamakda amala aşyrýan işleriniň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bular barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda görülýän çäreler baradaky hasabatynda aýdyldy. Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowy bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlap hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýurduň diplomatik gullugynyň döwlet Baştutanynyň öňe süren, giň gerimli, uzak möhletli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlaryny ilerletmekde we durmuşa geçirmekde ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu baýramçylyk günlerinde Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan şatlykly habara ünsi çekdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu guramanyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä mirasy komitetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryny bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüt biragyzdan kabul edildi. Türkmenistanyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň hem agzalan sanawa girizilendigi barada aýdyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurtda toýlaryň-toýlara, baýramlaryň baýramlara ulaşýandygyny belläp, mejlise gatnaşyjylary we Türkmenistanyň ähli halkyny bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir