Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän utgaşykly görnüşdäki foruma ýurduň hünärmenleri bilen birlikde, daşary ýurtlaryň birnäçesinden alymlaryň, professorlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Bellenilişi ýaly, bu ylmy maslahat halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, şeýle hem Abu Aly ibn Sinanyň köptaraply mirasyny, bitiren hyzmatlaryny açyp görkezmek babatynda örän ähmiýetli bolar. Foruma gatnaşyjylar «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşarlar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gündogaryň meşhur akyldarynyň ylmy mirasynyň gymmatlygyna, şeýle hem häzirki zaman lukmançylygynda giňden ulanylýan maslahatlaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany ýola goýlan netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin şeýle çäreleriň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, wise-premýere bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir