Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХV maslahaty 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Degişli karara türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine, onuň ХХV maslahatyna gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurtly wekilleri çagyrmak, degişli resminamalary taýýarlamak, maslahaty geçirmek bilen bagly beýleki guramaçylyk-taýýarlyk işleriniň ýokary derejesini üpjün etmek tabşyryldy. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarow kararyň ýerine ýetirilişine gözegçilik eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir