20-nji sentýabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli açylan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 21-nji sentýabrda hem öz işini dowam eder. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýär. Köpugurly gözden geçiriliş giň sergi zallarynda ýaýbaňlandyryldy. Döwrebap mahabat enjamlary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen bölümler pudaklaryň üstünliklerini, bäsdeşlige ukyply we isleg bildirilýän önümleriň giň görnüşlerini, hyzmatlar ulgamynda täzeliklerdir teklipleri tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Sergi meýdançasynda ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin mynasyp şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň goşýan goşantlarydyr mümkinçilikleri giňden şöhlelendirilýär. Bu ýerde ýokary tehnologiýaly enjamlar, häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter, kommunikasiýa mümkinçilikleri, azyk senagatynda ýetilen sepgitler, ekologik meseleleriň çözgüdini tapmakda gazanylan üstünlikler, sport we syýahatçylyk ulgamynyň ösüşi, ýurdumyzyň ylmy, işgärler, medeni kuwwatlyklary görkezilýär. Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşurylar.