FIFA resmi saýtynda 21-nji sentýabrda milli ýygyndy toparlaryň täzelenen sanawyny çykardy. Täzelenen sanawda Türkmenistanyň milli ýygyndysy öňki — 20-nji iýuldaky sanawdaky ýerinden iki setir aşak düşüp, 140-njy orny eýeledi. Häzirki wagtda milli ýygyndymyz 1086 utuk toplap, Ruanda bilen Burundiniň arasynda ýerleşýär. Belläp geçsek, sentýabr aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy iki sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. 8-nji sentýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy myhmançylykda Indoneziýadan 2:0 hasabynda utuldy. 12-nji sentýabrda BAE-de Bahreýniň milli ýygyndysy bilen geçirilen duşuşyk bolsa 1:1 hasap bilen deňme-deňlikde tamamlandy. Argentina sanawda dünýäniň lideri bolmagyny dowam edýär. Reýtingde ilkinji onluk şundan ybarat: Argentina Fransiýa Braziliýa Angliýa Belgiýa Horwatiýa Niderlandlar Portugaliýa Italiýa Ispaniýa

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir