Xiaomi Group kompaniýasynyň prezidenti we Redmi brendiniň baş menejeri Lu Weýbing Redmi Note 13 Pro smartfony barada goşmaça maglumatlar bilen paýlaşdy. Ol Redmi Note 13 Pro-nyň 16 GB çalt LPDDR5 operatiw ýady we 512 GB UFS 3.1 fleş-ýady bolan wersiýada elýeterli boljakdygyny aýtdy. Şonuň üçin ulanyjylarda bir wagtyň özünde köp sanly programmany işletmek, öz suratlaryny we wideoroliklerini saklamak bilen bagly kynçylyklar ýüze çykmaz. Mundan başga-da, Redmi Note 13 täze “akylly zarýad beriş mehanizmini” göterýän täze nesliň çalt zarýad beriş ulgamyna eýedir. Bu ulgam diňe bir smartfona çalt zarýad bermäge mümkinçilik bermän, eýsem akkumulýatoryň hyzmat ediş möhletini ep-esli uzaldýar. Bary-ýogy 19 minutda smartfona 100% zarýad bermek bolýar, 1000 siklden soň bolsa öndüriji akkumulýatoryň galan sygymynyň 90%-den ýokary boljakdygyny kepillendirýär. Deňeşdirmek üçin: iPhone akkumulýatory 500 zarýad siklinden soň 80% galan sygymy saklamalydyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir