2023-nji ýylyň awgust aýynda dünýäniň awtoulag bazarynda täze ulaglaryň satuwy 9,6% ýokarlandy. Bu barada “Avwtostat” LMC Automotive maslahat beriş kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi. Tomsuň soňky aýynda jemi 7 million 302 müň awtoulag satyldy. Hytaý awgust aýynda 2 million 520 müň awtoulag bilen (2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende + 5,2%) birinji orny eýeledi. Ikinji orunda 1 million 330 müň awtoulag satan ABŞ durýar, bu bolsa bir ýyl mundan ozalkydan 17,1% köpdür. Günbatar Ýewropa ýurtlarynda awgust aýynda 889,6 müň awtoulag satyldy (+ 18,7%). Gündogar Ýewropada awtoulag satuwy 31,9% artyp, 290,4 müň birlige ýetdi. Günorta Amerikada awgust aýynda 233,5 müň awtoulag satyldy, bu 2022-nji ýylyň şol aýyndaky görkeziji bilen deňeşdirilende 1,3% köpdür. Şeýle-de, dünýädäki iň iri awtoulag bazarlarynyň arasynda Ýaponiýa (337,4 müň birlik, + 17,2%), Kanada (148,6 müň birlik, + 10,8%) we Koreýa (128,3 müň birlik, - 0,7%) bar. Umuman alanyňda, 2023-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda dünýäniň awtoulag bazarynda 57 million 495 müň awtoulag satyldy (2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende + 10,3%).