Awtoulag öndürýän Toyota Motor korporasiýasynyň wekilleri žurnalistlere awtoulag öndürmek üçin adaty konweýer bolmadyk Motomati (Aýti prefekturasy) zawodynda tejribe sehini görkezdiler. Bu barada Ýaponiýanyň milli jemgyýetçilik telewideniýesi habar berdi. Onuň berýän maglumatlaryna görä, gurnama döwründe awtoulaglar belli bir ugur boýunça awtopilotda hereket edýärler. Bu amal 2026-njy ýylda giň göwrümde ornaşdyrylar, bu önümçilik amallarynyň sanyny we enjamlara zerur maýa goýumlarynyň mukdaryny ýarym esse azaldar. Habar berlişine görä, konweýersiz önümçilik, ilkinji nobatda, Toyota Motor-yň hatarynda has meşhur orny eýelejek elektrik ulaglarynyň täze neslini ýygnamakda ulanmak üçin niýetlenendir. Önümçilik prosesinde geljekki awtoulagyň platformasyna ilki motor we batareýa oturdylýar. Soňra awtoulag zerur awtomatiki stanoklara we gurluşlara tarap özbaşdak hereket edýär, şonuň dowamynda oňa täze bölekler oturdylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir