“Izwestiýa” gazeti öýde haýsy predmetleriň we hojalyk tehnikasynyň internet signalynyň hiline täsir edip biljekdigi baradaky maglumatlara ünsi çekdi. Eger ulanyjy öz internetiniň käwagt gowşaýandygyna ýa-da güýçlenýändigine üns berse, routeriň ýerleşýän ýerini barlamak möhümdir. Ähtimal, mesele hyzmaty üpjün edijiniň işi bilen däl-de, öýüň içinde radio signalynyň ýolunda päsgelçilikleriň bardygy bilen baglanyşyklydyr. Internete päsgel berip biljek giňden ýaýran predmetleriň arasynda mikrotolkunly peçler, diwarlar, simsiz telefonlar, akwariumlar, uly mebel we aýnalar bar. Mysal üçin, mikrotolkunly peç routeriňki bilen deň ýygylykda elektromagnit şöhlesini goýberýär we bu olaryň ikisi-de bir wagtda işlän ýagdaýynda Wi-Fi signalynda bökdençliklere getirip biler. Bu, esasanam, film görlende we şol bir wagtyň özünde mikrotolkunly peç ulanylanda ýüze çykýar. Şeýle-de, aýratynam, kerpiçden, betondan ýa-da mermerden bolan diwarlaryň routerden gelýän signaly gowy geçirip bilmeýändigini bellemek gerek. Şeýle materiallar ulanylan köp gatly jaýlarda ýa-da birnäçe gatly hususy jaýlarda routeri signalyň öňünde böwet az bolar ýaly ýerleşdirmek maslahat berilýär. Stasionar telefonlaryň hem router signaly üçin päsgelçilik döredip biljekdigini göz öňünde tutmak gerek. Mümkin bolan päsgelçiliklerden gaça durmak üçin iň gowy wariant signalyň kabul edilişine hiç zadyň päsgel bermezligidir. Şeýle ýagdaýda internet durnukly we gowy işlär diýip, hünärmenler belleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir