Hytaýyň Çžuhaý şäherinde ägirt UFO meňzeş dünýädäki iň uly Chimelong Spaceship deňiz ylmy seýilgähi açyldy. Okeanariumda 100 müňden gowrak deňiz jandary ýaşaýar diýip, Weixin habar berýär. Muny centralasia.media ýetirýär. “Çimelong” deňiz ylmy seýilgähiniň umumy uzynlygy 650 m, meýdany – takmynan, 400 inedördül metr. Okeanarium günde 50 müňden gowrak myhmany kabul edip bilýär. Bu ýerde dünýädäki iň uly akwarium witrinasy we dünýädäki iň uly janly korally akwarium, şeýle-de iň uly deňiz muzeýi ýerleşýär. Umuman, 15 tematiki zolaga bölünen seýilgähde deňiz jandarlarynyň 300-e golaý görnüşi hem-de janly korallaryň 100 görnüşi ýaşaýar. Seýilgähde attraksion hem bar – mysal üçin, Aziýanyň suw baýlyklaryna we ekoulgamlaryna bagyşlanan, “Galaktikanyň sakçylary” filmi bilen meňzeşligi bolan “Kosmos dünýäsi”, şeýle-de “Bermuda başdan geçirmesi” simulýatory hödürlenýär. “Çimelongyň” açylyşy 2021-nji ýyla meýilleşdirilipdi, ýöne 10 ýyl taslama işinden we 5 ýyl gurluşykdan soň ägirt seýilgäh diňe 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda myhmanlar üçin gapysyny açdy. Binanyň gurluşygy üçin Chimelong Group kompaniýasy 1,1 mlrd ABŞ dollaryny sarp etdi diýip, “The Messenger” ýazýar. Chimelong Spaceship ylmy seýilgähi Chimelong Group-yň Çžuhaýda gurýan ägirt uly güýmenjeler seýilgähiniň bir bölegi bolar. Dokuz ýyl mundan öň bu ýerde Ocean Kingdom tematiki akwaparky açyldy. Ýene-de iki sany uly desgany, şol sanda safari seýilgähini gurmak meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir