Wise-premýer B.Annamämmedow, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Aşgabat şäheri we Daşoguz welaýaty boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy. Wise-premýer iş saparynyň dowamynda Aşgabat şäherinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, saparyň jemlerine bagyşlap, Daşoguz welaýatynda iş maslahatyny geçirdi. Wise-premýer Aşgabat şäheri boýunça iş saparynyň barşynda paýtagtymyzyň seýilgähleriniň abadanlaşdyrylyşy, awtoduralgalaryň enjamlaşdyrylyşy, şäheriň şaýollarynyňdyr köçeleriniň ýagdaýy, ýol-ulag hojalygynyň işi, köçe-ýol belgileriniň hem-de çyzgylarynyň talabalaýyk ýerleşdirilişi bilen tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň iş sapary Daşoguz welaýatynda dowam etdi. Wise-premýer sebitiň ähli düzümleriniň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň bökdençsiz energiýa üpjünçiliginiň yzygiderli gözegçilikde saklanmagynyň wajyp wezipedigini aýtdy. Sebitiň önümçilik we durmuş desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, Daşoguz döwlet elektrik bekediniň netijeli işini üpjün etmek möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Wise-premýer welaýat häkimliginde Aşgabat şäheri we Daşoguz welaýaty boýunça iş saparlarynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir