Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Aşgabat şäheri we Balkan welaýaty boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy. M.Çakyýew Aşgabat boýunça iş saparynyň çäklerinde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň desgalaryna baryp gördi we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň iş sapary Balkan welaýatynda dowam etdi. M.Çakyýew welaýatyň Jebel şäherçesinde häzirki döwürde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Halkara howa menziline geldi. Gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyrylan bu giň möçberli taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, halkara howa ugurlarynyň sany artar we ilata edilýän hyzmatlaryň derejesi ýokarlanar. Soňra M.Çakyýew Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda bolup, bu ýerde durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde portuň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda, gämi gurluşygy bilen bir hatarda, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri abatlamak işleri alnyp barylýar. Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory portuň ýük terminallarynyň işi bilen gyzyklandy. Deňiz menzilinde zähmet çekýän hünärmenler portuň terminallarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdylar. Soňra M.Çakyýew Balkan welaýatynyň etraplarynyň häkimleriniň we gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir