Aşgabat şäherinde noýabr aýynda Eýranyň senagat harytlarynyň sergisi geçiriler. Bu barada Eýranyň ýurdumyzdaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales mälim edýär diýip, TASS habarlar agentligi habar berýär. Onda tehniki we inženerçilik hyzmatlarynyň, gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşleri, gurluşyk, nebithimiýa, gaz we energetika pudaklarynda Eýranda gazanylanlar görkeziler. Şeýle hem, Eýranyň ulag w eşähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşiniň gatnaşmagynda iki ýurduň hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki toparynyň 17-nji mejlisi geçiriler. Belläp geçsek, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýranyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi geçirilipdi.