Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri 29-njy sentýabrda Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde saparda bolarlar. Saparyň barşynda olar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen duşuşarlar. Bu barada Germaniýanyň Prezidentiniň resmi saýtynda duşuşyklaryň senenamasynda bellenilip geçilýär. Bellenilişi ýaly, Berlinde Prezident Ştaýnmaýeriň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar. Prezidentiň saýtyndaky maglumata laýyklykda, Belwýu köşgünde bilelikde surata düşmek dabarasy geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir