Hytaýly alymlar şu ýylyň iň yssy ýyl boljakdygyny we Ýerdäki ortaça temperatura boýunça 2016-njy ýylda bellige alnan (taryhy kadadan 1,25 dereje ýokary) rekordy täzelejekdigini anykladylar. Rekord görkezijiler El-Ninýo howa hadysasynyň güýçlenmegi bilen baglanyşyklydyr diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Atmosfera fizikasy institutynyň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi. Bu iş sişenbe güni Advances in Atmospheric Sciences žurnalynda çap edildi. “Alymlar ýygnanan maglumatlary Hytaýyň CMST 2.0 maglumatlar bazasynyň çäginde seljerip, 2023-nji ýylyň, 2016-njy we 2020-nji ýyllaryň rekord ýyllaryndan soň, eýýäm taryhyň üçünji yssy ýylydygy barada netijä geldiler. Şol bir wagtyň özünde temperaturanyň ýokarlanmagy dowam edýär, Atlantik we El-Ninýo şertlerindäki üýtgeşmeler baradaky çaklamany göz öňünde tutsaň, 2023-nji ýyl taryhda iň yssy ýyl bolar " - diýip habarda aýdylýar. Çžuhaýe şäherindäki Sunýa Ýatsen uniwersitetiniň professory Li Sinsýanyň ýolbaşçylygyndaky klimatologlar topary döreden CMST 2.0 maglumatlar bazasyny ulanyp, bu netijä geldiler. Ol gözegçilikler wagtynda emeli hemralaryň, uçarlaryň, ýerüsti stansiýalaryň kömegi bilen tutuş Ýer ýüzüniň gözlegçileriniň toplan Ýeriň üstüniň we howanyň temperaturasyndaky üýtgeşmeler baradaky maglumatlary birleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir