Amerikanyň Johnson & Johnson holding kompaniýasy ilkinji gezek logotipini täzeledi. Bu lukmançylyk tehniki çözgütler bazarynda ösdürilmegi göz öňünde tutulýan iş meýilnamalary bilen baglanyşykly. Johnson & Johnson köne nyşanyny 135 ýyldan gowrak wagt bäri ulanýar. Johnson & Johnson holding kompaniýasy wizual stilini üýtgetdi diýip, onuň habarynda aýdylýar. Kompaniýa lukmançylyk we derman serişdeleri bölümlerini bir brendiň astynda birleşdirdi. Janssen derman serişdeleri segmenti Johnson & Johnson Innovative Medicine adyny aldy, lukmançylyk tehnologiýasy segmenti bolsa Johnson & Johnson MedTech adyny saklap galdy. Johnson & Johnson-yň derman serişdeleri bölüminiň halkara geňeşiniň başlygy Hoakin Duato bu işiň bir brendiň astynda birleşdirilmegi kompaniýanyň saglygy goraýyş pudagynda innowasiýa we ösüşe ygrarlydygyny görkezýändigini aýtdy. Täze logotip kompaniýanyň mirasyna esaslanýar diýip, Duato sözüniň üstüni ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir