Awstraliýadan, Hytaýdan we Beýik Britaniýadan geologlaryň toparyna seýrek gymmat bahaly daşlaryň – Awstraliýanyň gülgüne almazlarynyň gelip çykyşyny anyklamak başartdy. Olar Argaýl käninde (Günbatar Awstraliýa) gazylyp alyndy. Gözlegçileriň arasynda Awstraliýanyň Pert şäherindäki Kertin uniwersitetiniň ylmy işgäri Hýugo Oliruk bar. Işiň netijeleri Nature Communications saýtynda neşir edildi diýip, rbc.ru belleýär. Almazlaryň emele gelmegi üçin Ýeriň astyndaky uglerod gerek, olara gülgüne reňk bermek üçin bolsa tektoniki plitalar çaknyşanda ýüze çykýan güýçleriň täsiri gerek. Täze gözlegde gülgüne almazlaryň ýeriň üstünde döremegi üçin zerur bolan üçünji “komponent” tapyldy. Görnüşi ýaly, bu ýüzlerçe million ýyl mundan ozal superkontinentiň bölünen wagty emele gelen materiklerdir. Hýugo Olirukyň aýtmagyna görä, gury ýeriň “uzalan” wagty ýer gabygynda ýaryklar emele gelipdir. Almazlary saklaýan magma olaryň arasyndan ýeriň üstüne çykan bolmaly. “Biz Rio Tinto kompaniýasy tarapyndan görkezilen dag jynslarynda adam saçyndan hem inçe bolan lazer şöhlelelerini ulandyk we Argaýlyň ýaşynyň 1,3 mlrd ýyldygyny anykladyk, bu öň hasap edilenden 100 mln ýyl uludyr. Ýagny, onuň gadymy superkontinentiň bölünmegi netijesinde emele gelen bolmagy ähtimaldyr” – diýip, Oliruk düşündirdi. Kän Kimberli sebitiniň we galan demirgazyk Awstraliýanyň çaknyşmasynyň bolup geçen ýerinde ýerleşýär. Şeýle çaknyşma sebäpli ýerde hiç haçan ýitmejek zyýan ýeten ýer ýa-da “çapyk” emele geldi. Oliruk gözlegiň amaly potensialynyň bardygyny belleýär. Indi alymlar gülgüne almazlary döretmek üçin zerur bolan üç “ingredientiň” hemmesini bilýärler. Diýmek, Argaýla meňzeş bolan ýataklary tapmak ähtimallygy ýokarlanýar. Argaýlda dünýädäki ähli gülgüne almazlaryň, takmynan, 90%-i alyndy. 2020-nji ýylda kän 37 ýyl ulanylyşdan we 865 million karatdan gowrak gaýtadan işlenmedik almazlaryň gazylyp alynmagyndan soň ýapyldy. Käniň eýesi Rio Tinto kompaniýasy şahtanyň çuňlaşmagy bilen çykdajylaryň ýokarlanmagy, almazlaryň kesgitlenen bahasy we karat üçin ortaça pes bahalar sebäpli şeýle karara geldi.