Gazagystan bilen Eýranyň iki ýurduň arasyndaky ulag we üstaşyr aragatnaşygyny güýçlendirmekde uly mümkinçilikleri bar. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäginde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen onuň eýranly kärdeşi Ebrahim Raisiniň arasynda Nýu-Ýorkda geçirilen duşuşykda mälim edildi. Hususan-da, taraplar Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny Hazaryň üsti bilen özara söwdany we ulag aragatnaşygyny ösdürmegiň esasy ugry hökmünde ulanmagyň giň mümkinçiliklerini bellediler diýlip, Gazagystanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär. Bellenilişi ýaly, Kasym-Žomart Tokaýew Bender-Abbas portunda gazak söwda terminaly gurmagyň möhümdigini nygtap, Gazagystanyň Hazar deňziniň sebitinde strategik hyzmatdaş hökmünde Eýran bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürilmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunda, sebitleýin gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly arkaly söwda hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigi bellenildi. Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň gurluşygy 2009-njy ýylda başlanyp, 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda resmi taýdan açylypdy.