Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Sähra» tikinçilik öýi we dükany şu günler paýtagt şäherde Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilýän ykdysady üstünlikleriň sergisiniň köp sanly gatnaşyjylarynyň biridir. «Sähra» tikinçilik öýi we dükany türkmen milli zenan geýimleriniň äheňinde özboluşly we täsin köýnekleri, dürli ýagdaýlar we baýramçylyk dabaralary üçin niýetlenen kaşaň lybaslary tikip bermek hyzmatlary bilen eýýäm milli geýimleriň muşdaklarynyň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. «Sähranyň» sergide hödürlän mahmal, parça, ýüpek, şifon ýaly materially lybas nusgalary özüniň tikinçilik aýratynlyklary, elde tikiliş özboluşlylygy bilen ünsi çekýär. «Sähra» tikinçilik öýüniň ussat tikinçileri tarapyndan döredilen her bir geýimi ýeke-täk nusgaly sungat eseri hasap etmek bolar. «Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşýandygymyz üçin örän hoşal. Bu öz lybas nusgalarymyzy giň müşderiler köpçüligine görkezmek hem-de türkmen milli geýim däplerini ösdürmekdäki ädimlerimizi äşgär etmek üçin örän uly mümkinçilikdir» — diýip, tikinçilik öýüniň hünärmeni belleýär. Habarlaşmak üçin: ýerleşýän salgysy: Gurbannazar Ezizow köçesi (ozalky Sowhoznaýa), 11-nji jaý, «Çaga» binasy; telefon belgileri: (+993 62) 43 77 84, (+993 65) 40 08 00; sosial media ulgamyndaky sahypasy. Şeýle-de okaň: «Sähra» tikinçilik öýüniň tikinçileri türkmen milli äheňindäki ajaýyp lybaslary döredýärler

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir