Şu günler Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan iri möçberli ykdysady üstünlikleriň sergisi geçirilýär. Gözden geçirilişe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlaryna wekilçilik edýän köp sanly hususy we döwlet kärhanalary hem-de guramalar gatnaşýar. Gatnaşyjylaryň hatarynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň düzümine girýän «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ hem bar. «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ 1994-nji ýylda döredildi, 2015-nji ýylda bolsa ýapyk paýdarlar jemgyýetine öwrüldi. AŞTU tarapyndan türkmen paýtagtynyň ilatyna hödürleýän hyzmatlarynyň hatarynda telefon aragatnaşygy, internet, IP teleýaýlym, CDMA radio aragatnaşygy we beýlekiler bar. «AŞTU» ÝGPJ ýurduň ilaty üçin telefon we internet aragatnaşygynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen uly işleri alyp barýar. Ýokary geçirijilik mümkinçiligi bolan uly göwrümli abonent toruny döretmäge gönükdirilen taslamalar durmuşa geçirilýär. Her ýyl guramanyň abonentleriniň we hödürlenýän hyzmatlarynyň sany artýar, şunuň bilen bir hatarda, hyzmatlaryň hil derejesi ýokarlandyrylýar. «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň bu sergä gatnaşmagy diňe bir gazananlaryny däl, eýsem, mundan beýläk-de ösüşe taýýardygyny görkezmäge taýyn bolan guramanyň işinde möhüm ädimdir.