Türkmenistanyň daşary işler ministri, wise-premýer Raşid Meredow we Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad Al Maliki bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasyna» gol çekdiler. Bu barada Palestinanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.. Bellenilişi ýaly, Nýu-Ýorkda BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäginde iki ýurduň degişli ministrlikleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasyna» gol çekildi. Bu resminama gol çekilmegi ozal gazanylan ylalaşyklar, şeýle-de jenap Riýad Al Malikiniň şu ýylyň awgust aýynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşyklydyr. 2023-2024-nji ýyllar üçin niýetlenýän hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasy» iki ýurduň hususy we döwlet edaralarynyň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin anyk wezipeleri öz içine alýar. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, durnukly ösüşi we umumy abadançylygy gazanmakda bu ädimiň möhümdigini, «Ýol kartasyny» we ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin öz ýurtlarynyň ähli zerur tagallalary etmelidigini bellediler. Ozal habar berşimiz ýaly, Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad Al Maliki şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda saparda boldy we ýokary derejedäki duşuşyklara gantaşdy, şeýle-de ugurdaş ministrlikler bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir