Gadymy grek gözellik we söýgi hudaý aýaly Afroditanyň ybadathanasy Müsüriň Aleksandriýa şäheriniň kenarýakasyndaky suwuň düýbünden tapyldy diýip, «RIA Nowosti» habar berdi. Ybadathananyň Abu-Kir aýlagynda suwuň astyndaky gadymy Geraklion şäherinde geçirilen gazuw-agtaryşlar wagtynda üstünden baryldy. Ybadathana biziň eýýamymyzdan öňki V asyr bilen senelenýär diýip, Müsüriň Jahankeşdelik we gadymylyklar ministrligi habar berýär. Ybadathanadan bürünçden we keramikadan ýasalan tapyndylaryň üsti açyldy, olary Gresiýadan getiripdirler diýip, alymlar çaklaýarlar. Geraklion şäheri biziň eýýamymyzdan öňki VIII asyrda gurlup, gadymy Müsüriň iň iri söwda porty bolupdyr. Şäher takmynan mundan 1200 ýyl öň suwa gark bolupdyr. Ol häzir suwuň düýbünde, 35 metr çuňlukda ýerleşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir