Hytaýda mundan 12 ýyl öň dereksiz ýiten hasaplanýan ýetginjek öz ene-atasynyň ulagynyň astyna düşüp, ýene maşgalasyna gaýdyp geldi diýip, «Thaiger» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Habara görä, çaganyň maşgalasyna gowuşmagyna getiren ýol-ulag hadysasy ýurduň Guandun ülkesiniň Foşan şäherinde boldy. Ýetginjek öz hakyky ene-atasynyň ulagynyň aşagyna düşüp, tas heläk bolupdy. Ol köçede el serip dilegçilik edýärkä, är-aýal onuň ulagyň alkymyna gelenini birbada duýmandyrlar. Haçan-da olar ulagdan düşenlerinde, ulagyň aşagyna düşen çaganyň mundan 12 ýyl öň ýiten ogullaryna gaty meňzeşdigini görüpdirler. Olar ýetginjegi hassahana äkidipdirler, şol wagt kakasy onuň saçynyň birnäçe taryny alypdyr we aýalyna duýdurman, genetika barlagyna ýollapdyr. Tizara ol hassahanadan barlagyň netijesini alyp, aýalyna öz ogullarynyň tapylandygyny buşlapdyr, görlüp oturylsa, çaga olaryň bir wagt ýitiren ogullary bolup çykypdyr. Çaga üç ýaşyndaka dostlary bilen oýnamak üçin köçä çykyp, gürüm-jürüm bolupdyr. Ol ene-atasyna köp horluklary başdan geçirendigini, zibilhanalarda taşlanan iýmit galyndylaryndan garnyny doýrup gün görendigini gürrüň beripdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir