Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglamak hakynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Karara gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň kämilleşmegine goşan saldamly goşandyny, türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny, halk döredijiligini, edebiýatyny, taryhyny öwrenmekde hem-de dünýäniň beýleki halklaryna elýeterli etmekde, dünýä türkmenleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanyň döwlet syýasatyny, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini halkara giňişlikde wagyz etmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şu aşakdaky sanawda görkezilen daşary ýurtly wekillerini Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglanyldy: 1. Mohammadi Nazarmohammad Adineh Gorban — Eýran Yslam Respublikasyndan, «Er-Salah» ylmy-dini medresesiniň müdiri, birleşigiň işjeň agzasy; 2. Karaýew Bobonazar — Täjigistan Respublikasyndan, Kazyýet lukmançylyk ekspertiza gullugynyň bölüm başlygy, birleşigiň işjeň agzasy; 3. Awezow Rejep — Özbegistan Respublikasyndan, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Garagalpagystandaky Türkmen milli medeni merkeziniň başlygy, birleşigiň işjeň agzasy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir