Türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХV maslahatyny çagyrmak hakynda Karara gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy giňden bellenilip geçiljek 2024-nji ýylda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyzy türkmeniň döwletli däplerini dowam etdirip, bir supranyň başynda jemlenip, döwletimiziň Bitaraplyk syýasatyny, parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmak, halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny öwrenmek, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini dünýä ýaýmak hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, 1. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХV maslahatyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde çagyrmaly. 2. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi, onuň ХХV maslahatyna gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurtly wekilleri çagyrmak, degişli resminamalary taýýarlamak, maslahaty geçirmek bilen bagly beýleki guramaçylyk-taýýarlyk işleriniň ýokary derejesini üpjün etmeli. 3. Şu Kararyň ýerine ýetirilişine Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarow gözegçilik etmeli.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir