Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda saparda bolmagynyň çäginde “Metropoliten” sungat muzeýinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasy mynasybetli ABŞ-nyň Prezidentiniň adyndan guralan resmi kabul edişlige gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Resmi kabul edişlik hem-de Nýu-Ýorka iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutany Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Türkmenistana ugrady. Aşgabada çenli köp sagatlyk uçuşy amala aşyryp, hormatly Prezidentiň uçary paýtagtyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowy ýurduň resmi adamlary gül desseleri bilen mähirli garşyladylar. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidenti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine bolan saparynyň üstünlikli tamamlanmagy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden eden taryhy çykyşynyň giň goldawa eýe bolmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir