Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata Russiýa Federasiýasynda, Eýran Yslam Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda, Saud Arabystany Patyşalygynda, Gazagystan Respublikasynda, Täjigistan Respublikasynda, Owganystan döwletinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem maslahata Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Birleşigiň Türkmenistandaky şahsy we köpçülikleýin agzalary, daşary ýurt wekilleri, ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurduň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary hem-de talyplar, döredijilik işgärleri gatnaşdylar. 1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen birleşik ykbalyň emri bilen taryhy Watanyndan uzaklara düşen türkmenleri jebisleşdirmek ugrunda zerur tagalla edýän abraýly halkara gurama öwrüldi. ''Watan'' habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, maslahat başlanmazynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, taryhyny, özboluşly dessurlaryny hemmetaraplaýyn we köpöwüşginli esasda görkezýän amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Bagşy-sazandalaryň çykyşy bu ýerde guralan çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy foruma gatnaşyjylaryň öňünde giriş sözi bilen çykyş etdi. Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly wekiller türkmen halkynyň abadan durmuşynyň we Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalar, şeýle hem ýurtda amala aşyrylýan we dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýän iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy. Soňra maslahata gatnaşýan daşary ýurtly türkmenlere söz berildi. Çykyş edenler pederleriň mukaddes topragyna gelip görmäge we häzirki döwürde şöhraty dünýä dolan Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen içgin tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen DTYB-nyň Prezidenti Birleşigiň birnäçe agzalaryny “Ynsanperwerligiň sarpasy” nyşany bilen sylaglamak hakynda hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV Maslahatyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda çagyrmak hakyndaky Kararlara gol çekdi. Soňra guramanyň has tapawutlanan agzalaryny, şol sanda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekillerini “Ynsanperwerligiň sarpasy” atly nyşan bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahaty tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. “Mekan” köşgüniň belent sahnasynda ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň türkmen topragyny wasp edýän aýdym-sazlary döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň belent abraýynyň senasy bolup ýaňlandy. Asylly däbe görä, daşary ýurtly türkmenler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 32 ýyllyk baýramy mynasybetli guraljak ähli toý dabaralaryna gatnaşarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir