«Ahal» AFK Çempionlar ligasynyň «A» toparçasynyň birinji tapgyryndan orun alan oýunda Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» toparyny ýeňlişe sezewar etdi. «Aşgabat» köpugurly stadionynda bolan oýunda «Ahala» ýeňiş getiren goly 51-nji minutda Elman Tagaýew derwezä ýollady. «A» toparçanyň beýleki oýnunda Özbegistanyň «Pahtakory» öz öýünde Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Aýn» toparyndan 0:3 hasabynda asgyn geldi. Şeýlelikde, birinji tapgyrdan soňra «Ahal» we «Al-Aýn» 3 utuk bilen «A» toparçada liderlik edýärler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir