Nýu-Ýorkda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşýar. TDH-nyň habar bermegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýokary derejeli mejlisde çykyş edip, BMG-ni howpsuzlygyň bölünmezlik ýörelgelerini üpjün etmeklige çagyrdy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsiniň ençeme örän düýpli wehimleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýüze çykmagynyň aýratynlyklary bilen olaryň ählisi döwletara gatnaşyklaryň barşyna azda-kände täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýygy-ýygydan ýaramaz täsirini ýetirýär. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu bolsa, öz gezeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy işi hökmünde ählumumy howpsuzlygyň düýpli sütünleriniň weýran bolmagyna getirip biler. Muňa, elbetde, ýol bermek bolmaz. — Şundan ugur alyp, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk we durnukly goraýar — diýip, döwlet Baştutany nygtady. Hormatly Prezidentiň aýdyşy ýaly, Türkmenistan harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologiýa, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologiýa, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmajakdygyna ynanýar. Sanalyp geçilen ugurlaryň hiç biri ikinji derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmez. Olary çözmegi bolsa has giçki möhlete goýup bolmaz. — Men Birleşen Milletler Guramasynyň baş wezipesi howpsuzlyk meselesine hut şeýle, utgaşykly çemeleşmegi üpjün etmekden ybaratdyr diýip hasaplaýaryn. Agza döwletleriň tejribesini, ygtyýarlygyny, ideýasyny we başlangyçlaryny döredijilikli ugra gönükdirmeli diýip pikir edýärin. Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar pugta parahatçylygy we howpsuzlygy hem-de uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda aýtdy.