Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, dünýäde BMG-niň ýerini tutjak edaranyň ýokdugyny aýtdy. Bu barada TDH habar berýär. — Häzirki zaman dünýäsinde Birleşen Milletler Guramasynyň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek boýunça teklipler netijesinde, bu guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy üýtgewsiz we äşgär bolup galýar ---- diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň aýdyşy ýaly, esaslandyrylan gününden bäri geçen onýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, häzirki döwürde-de parahatçylygy saklamak we ählumumy, hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär. Munuň özi Türkmenistanyň düýpli garaýşydyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýratyn üns çekdi. Hormatly Prezidentiň belleýşi ýaly, şoňa görä-de, bolup geçýän wakalara hem-de meýillere oýlanyşykly, ideologiýalaşdyrylmadyk bahany bermek, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy we gapma-garşylykly dartgynlygy ýeňip geçmek, ylalaşyk hem-de bähbitleri özara hasaba almak boýunça geljegi anyklamaga çalyşmak üçin, Bütindünýä Guramasynyň mümkinçiligini, syýasy-diplomatik guralyny, at-abraýyny yzygiderli we doly peýdalanmaly. — Muny diňe Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda aç-açan we dogruçyl gatnaşyklarda amala aşyryp bolar. Şeýle gatnaşyklary gazanmagyň ýönekeý bolmajakdygy äşgärdir. Şeýle-de bolsa ol zerur bolup durýar — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.