Türkmenistan dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip edýär. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden çykyşynda aýtdy. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň aýtmagyna görä, şeýle strategiýa adaty töwekgelçilikler bilen bilelikde soňky döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleriň hem bardygyny beýan etmelidir. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, şeýle hem Türkmenistan agzalan strategiýa Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň birnäçe ugurlaryny, hususan-da: gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny; jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin, bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy; Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini girizmegi zerur hasap edýär. — Wagt häzirki pursatda bu Kararnamalaryň zerurdygyny tassyklady — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň belent münberinde eden çykyşynda belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir