Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisindäki çykyşynda Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edýändigini aýtdy. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ählumumy we hemmetaraplaýyn howpsuzlygy gazanmak maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň işine sebit meselesi beýan edilen garaýyşlary ornaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýar. Türkmen döwleti şeýle çemeleşme bilelikdäki işe gerek bolan takyklygy girizmek, onuň wezipesini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur diýip hasaplaýar. — Merkezi Aziýa — BMG ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigine ynanýaryn. Türkmenistan oňa girişmäge hyzmatdaşlary hormat bilen çagyrýar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda nygtady. — Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär — diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň barşynda: — Biz birinji Maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris — diýdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir