Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden çykyşynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip etdi. Bu barada TDH habar berdi. Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň geljek ýyllar üçin işiniň esasy ugurlarynyň arasynda howa we ekologiýa meselelerini çözmegi möhüm hasaplaýar. Şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy borçnamalar bilen bagly meseleleri aýratyn belleýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Howa boýunça Pariž Ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli maksatnamalaryň kabul edilendigini, metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleriniň ileri tutulyp amala aşyrylýandygyny aýtdy. — Şol bir wagtda biz dünýä bileleşiginiň metan babatda ählumumy borçnamany amala aşyrmak boýunça tagallalaryny goldaýarys — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi. Şeýle-de ýakynda Türkmenistanda Metan boýunça ählumumy borçnama ýurduň goşulmagy baradaky meseläni öwrenmäge gönükdirilen, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky «Ýol kartasynyň» tassyklanandygy, ol resminamanyň ýakyn wagtda BMG-niň sekretariatyna iberiljekdigi aýdyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologiýa meselelerine has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetdi. Bu meselelere seredilende, belli bir hereketsizligi ýeňip geçmeli we örän uly giňişlikleri eýeleýän, özboluşly tebigy serişdeleri hem-de biologik köpdürlüligi bolan, şol bir wagtda düýpli ekologiýa töwekgelçilikleriniň zolagynda ýerleşýän 80 milliona golaý ilatly sebit babatda BMG-niň maksatly ekologiýa strategiýasyny taýýarlamak boýunça belli bir salgyly we anyk çärelere başlamaly. — Merkezi Aziýanyň ekologiýa meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende, Türkmenistan möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş edýär. Bu merkez howa meselesi boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barar. Biz bu merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge taýýar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň belent münberinde eden çykyşynda aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir