Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden çykyşynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň Hazar deňzine galtaşýan sebitdigini, özboluşly tebigy toplum bolan bu deňziň Ýer togalagynyň ekologiýasy babatda nähili ähmiýetiniň bardygynyň hemmelere mälimdigini belläp geçdi. Bu barada TDH habar berýär. Kenarýaka ýurtlary tarapyndan köpýyllyk tutanýerli we hormat goýmak arkaly alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, Hazar syýasatynyň umumy esasy düzgünleri işlenip taýýarlandy. Şol sanda esasy resminama ---- Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa kabul edildi - diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda geçen ýylyň tomsunda geçirilen altynjy Hazar sammitine ähli gatnaşyjylaryň ekologiýa meselesi boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklandy. Bu bolsa kenarýaka döwletleriň BMG bilen giňden we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy üçin gowy mümkinçilik açýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmek barada teklip girizýär. Ol Hazar deňziniň gurşawyny we biologiýa serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologiýa meselelerini çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platformasy bolmaga niýetlenendir - diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň aýtmagyna görä, bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasy, onuň agentlikleri, edaralary we institutlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir