Prezident Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisindäki çykyşynyň barşynda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip etdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, BMG-niň jogapkärçilikli agza döwleti hökmünde Türkmenistan ileri tutulýan ugurlary belläp, öz çemeleşmelerini we hereketlerini anyk beýan edýär hem-de durmuşa geçirýär. Bu ugurlar boýunça Türkmenistanyň goşandy görnükli bolar we umumydünýä maksatlarynyň bähbidine hyzmat eder, olaryň çalt gazanylmagyna ýardam berer. TDH-nyň habar bermegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow ileri tutulýan şol meseleleriň arasynda Ulag babatda durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagy aýratyn belledi. Biz Türkmenistanyň maksada gönükdirilen işiniň netijesinde, diňe soňky ýyllarda ulag babatda öňe süren başlangyçlarymyz boýunça Baş Assambleýanyň alty Kararnamany kabul edendigine buýsanýarys - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy. Bellenilişi ýaly, şolaryň soňkularynyň hatarynda şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamany görkezmek bolar. Türkmenistanyň Prezidenti bu resminamany biragyzdan goldandyklary üçin, BMG-niň ähli agza döwletlerine minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, şol Kararnamanyň düzgünlerine esaslanyp, Türkmenistan bu sessiýanyň çäklerinde Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli ýokary derejeli Maslahaty çagyrmagy teklip edýär. BMG-niň degişli düzümleriniň bu çäräni Nýu-Ýorkda guramakda ýardam berjekdigine umyt edýäris - diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda belledi.