ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak başlangyjyny öňe sürdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, azyk meselesini çözmekde BMG-ä doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň örän möhüm ugrudyr. Türkmenistanyň Prezidenti «COVID-19» pandemiýasynyň, beýleki amatsyz şertler bilen bir hatarda, hut azyk meselesi çözülmedik, ilaty doly bahaly iýmit almaýan döwletleriň gowşaklygyny ýüze çykarandygyny belledi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, şoňa görä-de, döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende, agzybirlik, tutanýerlilik we aýgytlylyk zerurdyr. Islendik adamyň aýrylmaz hukugy, ozaly bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeler möhümdir. Türkmenistanyň Prezidenti bu işde syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütleriň, täze çemeleşmeleriň zerurdygyny aýratyn belledi. Şundan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Bütindünýä Azyk Maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär - diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu çäräni ylalaşylan möhletlerde Aşgabatda geçirmek üçin şertleri döretmäge Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir