ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgusyny okady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi. Geljek ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli ogly, akyldar şahyr, filosof we jemgyýetçilik işgäri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellener - diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly özboluşly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar. -Men öz çykyşymy Magtymgulynyň «Adamzat» atly goşgusynyň şu sözleri bilen tamamlamak isleýärin. Bu goşguda şahyr döwürdeşlerine we geljekki nesillere örän täsirli şeýle setirler bilen ýüzlenýär: Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz, Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti türkmeniň akyldar şahyrynyň goşgusyny okady. -Goý, döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylyk, adalatlylyk hem-de ösüş ideallaryna wepalylyk biziň bilelikdäki işimizde esasy we aýdyň ýörelge bolup hyzmat etsin! - diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir