AFK Çempionlar ligasy 2023/24-iň birinji tapgyryndan orun alan «Ahal» — «Al-Feýha» oýnuna 19966 sany janköýer stadionda tomaşa etdi. Bu barada duşuşyga gatnaşan «Turkmenportalyň» habarçysy habar berýär. «Ahal» — «Al-Feýha» oýny «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirildi. Duşuşyga iordaniýaly referi Adam Mahadmehiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik etdi. Oýun 1:0 hasabynda «Ahalyň» ýeňşi bilen tamamlandy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren ýeke-täk goly 51-nji minutda Elman Tagaýew «Al-Feýhanyň» derwezesine ýerledi. Oýundan soňky metbugat konferensiýasynda Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» toparynyň baş tälimçisi Wuk Raşowiç «Ahaly» on ikinji oýunçy hökmünde birkemsiz goldamagy başaran türkmen janköýerlerine ýokary baha berdi. Ýeri gelende bellesek, «Ahal» AFK Çempionlar ligasynyň indiki tapgyrynda BAE-de «Al-Aýnyň» myhmany bolar. «Al-Feýha» bolsa Özbegistanyň «Pahtakoryny» kabul eder. Duşuşyklaryň ikisi hem 3-nji oktýabrda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir