18-19-njy sentýabr günleri Astrahanda VIII «Hazar media forumy» geçirildi. Bu çäre Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň hem-de Türkmenistanyň žurnalistleri, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilermenler, alymlar, syýasatşynaslar gatnaşdylar. Bu ýyl forumyň esasy mowzugy halklary ýakynlaşdyrmagyň esasy ýoly hökmünde jemgyýetçilik diplomatiýasy we sosial mediany ösdürmekden ybarat boldy. Forumda hazarýaka sebitlerindäki maglumat hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin halkara çäräniň açylyş dabarasynda hazarýaka ýurtlary bilen özara söwdany ösdürmegiň, senagat, gämi gurluşygy we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagyň geljegi barada belläp geçdi.