ÝUNESKO-nyň komiteti nobatdaky gezek Wenesiýany Bütindünýä mirasynyň ýitmek howpy abanýan obýekti diýip ykrar etmezlik kararyna geldi. Bu barada Fransiýanyň HBS-i habar berýär diýip, interfax.ru belleýär. Komitet şeýle karary Er-Riýadda geçirilen sessiýada halkara guramasynyň hünärmenleriniň ozal beren tekliplerine garamazdan kabul etdi. Iýul aýynyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň hünärmenleri köpçülikleýin syýahatçylygyň we global ýylamanyň netijeleri sebäpli Wenesiýa şeýle statusy bermegi teklip etdiler. Bu ilkinji teklip däldi. Ýagny, 2021-nji ýylda-da hünärmenler şäheriň statusyny üýtgetmäge çagyrdylar, ýöne ähli ýurtlaryň gatnaşmagynda geçirilen komitetiň mejlisinde-de bu başlangyç goldaw tapmady. Käbir günbatar hünärmenleri we alymlar goşmaça çäreler görülmese, 2100-nji ýyla çenli Wenesiýa doly suwuň astyna gidip biler diýip hasaplaýarlar.