ABŞ-nyň Energetika maglumatlary agentliginiň habaryna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda ABŞ suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) eksport möçberi boýunça lider adyny aldy. Amerikan STG-niň, aýratynam, Ýewropa eksporty geçen ýyl ýokarlandy diýip, “Golos Ameriki” belleýär. Ýanwar aýyndan iýun aýy aralygynda ABŞ günde ortaça 328 mln kub metr töweregi STG eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 4% köpdür diýip, Energetika ministrligi habar berdi. Energetika maglumatlary agentliginiň habaryna görä, ABŞ-dan eksportyň ösüşi, esasan, ikinji iň uly amerikan STG eksportçysy bolan Freeport LNG terminalynyň işiniň gaýtadan dikeldilmegi bilen baglanyşyklydyr. Terminalyň işi 2022-nji ýylyň iýun aýynda bolan ýangyndan soň togtadylypdy. Agentligiň maglumatlaryna görä, dünýäde ikinji iň uly STG eksportçysy Awstraliýadyr (günde, takmynan, 300 mln kub metr), üçünji orunda Katar ýerleşýär (294 mln kub metr).