Çagalara haýsy ýaşda haýsy bilimleri öwretmegiň peýdaly boljakdygy barada dünýäde alymlar dürli pikirleri öňe sürýärler. Emma olaryň ählisi hem çagalara ir ýaşlardan täze bilimleri öwretmegiň onuň geljekde kämil ynsan bolup ýetişmegi üçin peýdalydygy bilen ylalaşýarlar. TmCars Habarlar kompýuter tehnologiýalarynyň ösýän, dünýä dillerini öwrenmäge islegiň barha artýan döwründe bu hyzmatlary hödürleýän KIBERone, Amakids we Sanly Sowat bilim merkezleri barada gürrüň berýär. AMAkids bilim merkezi — IŇLIS DILI okuwlary, RUS DILI okuwlary, MENTAL ARIFMETIKA, boýunça okuwlary hödürleýär. Mälim bolşy ýaly, çaganyň dil öwrenmek boýunça okuwlarynyň ortaça dowamlylygy onuň ýaşyna, dil biliş derejesine, şeýle hem yhlasyna bagly bolýar. AMAkids bilim merkezi çagalaryň hut şu aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, okuw maksatnamasyny düzýär. Mental arifmetika nämä gerek? Çaganyň kalkulýator ýa-da kagyz ulanmazdan aňynda geçirýän çylşyrymly hasaplamasyna mental arifmetika diýilýär. Ol çaganyň tiz wagtda hasaplaýyş ukyplaryny ösdürýär, ýadyny we ünsüni ýokarlandyrýar. Logiki pikirlenmäni ösdürýär. Mental arifmetika beýnini türgenleşdirmegiň bir usuly hökmünde ulanylýar. PROGRAMMIRLEMÄNI hem ýatdan çykarmaly däl! Programmirleme, emeli aň, saýt döretmek, çat-botlary , Minecraft Education Edition , HTML/CSS/JAVASCRIPT, Python , Roblox Studio, 2d we 3d oýunlary, ykjam goşundylary döretmek... Bu günki gün has ýygy-ýygydan eşidilýän sözler. Häzirki zaman dünýäsi her bir adamyň bu düşünjelerden belli bir derejede habarly bolmagyny talap edýär. Bu bilimleri çaga öwretmek bolsa her bir ene-ata üçin geljege goýýan amatly maýa goýumydyr. KIBERone kompaniýasy 6-16 ýaş aralygyndaky çagalara bu ugurda hyzmatlaryny amatly bahadan hödürleýär. Kiberone-da okuwlar ýeňil görnüşde, çaganyň tiz özleşdirip biljek formasynda geçirilýär. OKUWLARYŇ 20%-i — NAZARY OKUWLAR, 80%-i — AMALY SAPAKLAR görnüşinde geçirilýär. Okuwlaryň hiline göz ýetirmek üçin MUGT SYNAG SAPAGYNA gatnaşyp bilersiňiz. Kiberone, Sanly Sowat we AMAkids bilim merkezleri barada has giňişleýin maglumaty Instagram sahypalaryndan alyp bilersiňiz. Telefon: +99362 20-64-19; +99363 63-91-92; +993 62 52-56-38 Instagram: @kiberonetm @sanly_sowat; @amakidstm

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir