Eýranyň 3 sebiti – Fars, Gülüstan we Horasan-Rezawi sebitleri üçin Türkmenistan esasy söwda hyzmatdaşdyr. Bu sebitler özleriniň öndürýän önümleriniň agramly bölegini Merkezi Aziýa ýurtlaryna şol sanda Türkmenistana eksport etdiler. Bu barada “Tehran Times” habar berýär. Soňky ýarym ýylda Fars sebiti eksportyny 7 göterim artdyrdy. Eksportyň esasy bölegini alýumin we polat plitalary, şeker, karbamid we doňdurma bolup, bu önümleriň ugradylýýan esasy ýurtlary Türkmenistan, Türkiýe we Indoneziýa boldy. Gülüstan sebiti daşary ýurtlara iberen harytlarynyň möçberini 32 göterim artdyrdy. Esasy eksport harytlary guş ýumurtgasy, polistirol, peýnir, demir turba, balyk iými, DSP, neýlon çarçuwasy, mis simi, polietilen we armatur bolup, bu önümleri esasy import edijiler Türkmenistan, Gazagystan, Ermenistan, Bolgariýa we Hindistan boldy. Oba hojalygyna ýöriteleşen Horasan-Rezawi sebiti eksport harytlaryny esasan Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan bolup, bu babatdaky görkezijini 35 göterim ýokarlandyrdy. Orient Link: https://orient.tm/tm/post/60402/turkmenistan-eyranyn-3-sebitinin-esasy-sowda-hyzmatdasy-boldy