Bellator ligasynyň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki garşydaşy belli boldy. Ýarym agyr agram derejesinde tutluşyklara gatnaşýan Döwletjan indiki tutluşygyny Bellator 300-iň çäklerinde polşaly Maseý Ružanski bilen geçirer. B tutluşyk 8-nji oktýabrda ABŞ-nyň San-Diego şäherinde geçiriler. Häzir Bellatorda Ýagşymyradowyň bassyr iki ýeňşi bar. Türkmenistanly pälwan şu ýylyň mart aýynda geçiren ahyrky tutluşygynda eminleriň biragyzdan gelen karary bilen litwaly Julios Anglikasdan üstün çykypdy. Ružnski bolsa şu ýylyň fewralynda Karl Murdan utuk tapawudy bilen utulypdy. 34 ýaşly Döwletjan ýagşymyradow Bellator bilen 2020-nji ýylda şertnama baglaşdy. Ol bu ligada ilkinji türkmenistanly pälwandyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir